çalasynlyk

Çalt, tiz hereket edijilik, çakganlyk, dogumlylyk.

  • Näzik çalasynlyk bilen işleýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Sähediň çalasynlyk bilen baryp, möjegiň garnyny silkeni çyndy. (A. Gowşudow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çalasynlyk - çalasynlygy.