[çalam-ça:ş]
Bulam-bujar, dyr-pytrak, akan-dökän.
Olaryň uly tanklary, özi ýöreýän agyr toplaryna çenli çalam-çaş bolup pytraşyp ýatyrdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Her haýsyň bir ýerde çäşerip atmak.
Çigileri bolsa her haýsy bir ýerde çalam-çaş bolup ýatyrdylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Beýhuş, aljyraňňy, heläkçilikli halda bolmak.
Bekdurdy aga gelse, gyzy çalam-çaş bolup ýatyr. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)