çalajan

[çalaja:n]

  1. Öljek bolup ýatan, güýçden gaçan, haýallan, gözgyny halda bolan.

    • Başlyk çalajan kebelegi iki ýana agdaryp, pugta syn etdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Az salymdan Saryja çalajan sülgüni getirdi. (J. Akyýew, Mergeniň Ogly)

  2. Göçme manyda Örän hor, arryk.

    • Bu adama garamat boljak, çalajan mallary bazara saljak bolup näme etjekdiň? !

  3. Göçme manyda Özüni oňarmaýan, nalajedeýin, örän gowşak (adam hakda).

    • Çalajan adam.