çalşyrmak işlik

  1. Bir zadyň deregine ikinji bir zady goýmak, alyşmak.

    • Piliň sapyny çalşyrmak.

  2. Könäniň ýerine täzäni goýmak, könäni täzelemek.

    • Maşynyň bu bölegini çalşyrmak iki sagada golaý wagt aldy. («Bahar»)

  3. Bir geýimi çykaryp, başga geýim geýmek, geýimi täzelemek.

    • Jemal eje başyndaky ýaglygyny çalşyryp, ot ýakmaga başlady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Ol öýüne gelip, geýimlerini çalşyrdy. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

  4. Bir zady üýtgetmek.

    • Men adymy çalşyrsamda, sypatymy üýtgetsem-de, gep gezdirýän, agzalalyk salmaga çalyşýan haýynlardan däl! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

çalşyryp ekmek

Gezekleşdirip ekmek, bir ekiniň deregine ikinji ýyl başga ekin ekmek.