çal1

[ça:l]

  1. Ak we gara gatyşykly, kül reňkine meňzeş reňk.

    • Aman aga mähri yssylyk bilen uzyn çal murtuny agtygynyň näzik ýaňagyna batyrdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Çal papagyny çykaryp, gapdalynda goýdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Göçme manyda Saçy, sakgaly agaryp başlan gartaň adam, ýaşy könelişen adam.

    • Öýde bir çal çaý içip otyrdy.

çal2

[ça:l]

Düýe süýdi turşadylyp ýa-da süzmä, çekizä suw garylyp taýýarlanýan önüm, turşy içgi.

  • Sapar, bugün howa-da yssyrak boldy, belki sen suwsansyň, düýe çaly getirdeýin? ! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Habar alyp gaýynymyň halyndan, Içip gaýtjak onuň düýe çalyndan. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

çal3

[ça:l]

Dokmaçylyk Syk däl, argajy gowşak kakylyp dokalan (mata).

  • Çal mata.