Esasan üzümden taýýarlanylýan alkogolly içgi, şerap.
Potdy üç käsäni çakyrdan doldurdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Gurap agaryp giden, gurap ýylçyry çykan (süňk we ş. m. hakda).
Ondan soň düýäniň çakyr kellesini nyşana goýup atmaga başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret aýaz
Ýeňňe, çakyr aýaza çydasaň müň ýaşa! («Tokmak» žurnaly)
seret ses
Jenap garyljyk çakyr ses bilen sözledi. (M. Ýu. Lermontow, zamanymyzyň gahrymany)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.