çakylyk

[ça:kylyk]

  1. «Gel» diýip çagyryş, birini çagyrmaklyk.

    • Hoşgeldi çakylykdan boýun gaçyrmady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Men bir şert bilen seniň çakylygyňa geldim. (A. Gowşudow, Eserler)

  2. Bir zat mynasybetli berilýän kiçijik toý ýa-da nahar.

    • Ata ol obadaky çakylyga gitdi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çakylyk - çakylygy.