çaknyşmak işlik

  1. Biri-birine gabat gelip çakyşmak.

    • Çaknyşar göterilip gomlar özara, çarpynyp, zarbasyn urar kenara. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Göreş etmek, uruşmak.

    • Artyk çaknyşmagy ýüregine düwdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýyldyrym dek süýnýär garşyma-garşy, Çaknyşmakçy bulaň bu bolup barşy. (Çary Aşyr, Poemalar)

  3. Dawa ýa-da jenjel edişmek, uruşmak.

    • Olar tas çaknyşypdy.

  4. Göçme manyda Biri-birine degip durmak, köp sanda bitmek.

    • Garpyzlaryň her biri Köpetdagyň mähnet daşy ýaly çaknyşyp ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)