çakmak çak‧mak 1

  1. Çilim we ş. m. bir zady otlamak, ot almak üçin ýörite ýasalan enjam, gural.

    • Ak guşagyna-da däri gutusyny, serkejini, çakmagyny dakyşdyrdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Ot açýan ýaragyň, peşeňiň misini ýarmak üçin gerek bolan bölegi.

    • Tüpeňiň çakmagyny birnäçe öwran urdurdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Durup bilmän Baýly çakmagyn gysdy, Ýaňky soldat baryp agajy süsdi. (Çary Aşyr, Poemalar)

çakmak çak‧mak 2 işlik

  1. Iňňesini sokmak, dişlemek (ýylan, ary, içýan we ş. m. hakynda).

    • Eger Çary Kadyry ýylan çakan bolsa ýa-da möý sokan bolsa, olaryň awusy bu sözleriň awusy ýaly bolmazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýylan çakan kendirden gorkar. (nakyl)

  2. Bir zady ikinji bir zadyň ýüzüne sürtmek, sürtüp ýakmak.

    • Hoşgeldi otluçöp çakyp, onuň ýüzüni gaýtalap synlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Döwüp ýa-da ýaryp, içindäkini aldyrmak.

    • Olar ýumurtga çakyp, heýgenek bişirdiler.

  4. Göçme manyda Birine bir zady şugulçylyk edip aýtmak.

    • Ol gele-gelmäne oňa bir zat çakdy.


Duş gelýän formalary
  • çakmakdan
  • çakmaklardan
  • çakmakly