çakganlyk çak‧gan‧lyk

Örän tiz we çalt hereket edip bilmeklik, çalasynlyk.

  • Esasy ünsi çakganlygyny we çydamlylygyny ösdürmeklige gönükdiripdirler. (Gadymy dünýä taryhy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çakganlyk - çakganlygy.


Duş gelýän formalary
  • çakganlygy
  • çakganlygyny
  • çakganlygynyň