çagyrylmak işlik

[ça:gyrylmak]

  1. Gygyrylyp «gel» diýilmek gygyrylmak.

    • Näme çagyrylanynda jogap bereňok!

  2. Bir ýere gelmegi soralmak.

    • Gelniňiz oba sowetiniň jaýyna çagyrylýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Kim bolsa bolsun, çagyrylmadyk ýerime barmaryn! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  3. Toplanyp ýygnak, gurultaý, mejlis we ş. m. açmak.

    • Çagyrylan ýere irinme, çagyrylmadyk ýerde görünme. (nakyl)