[ça:gyrmak]
Gygyryp birine «gel» diýmek, ýanyňa gelmegini haýyş etmek.
Güýçli gudok sesleri «Gel! » diýip çagyrýarlar. (A. Nyýazow, Şygyrlar)
Çakylyk etmek, biriniň bir ýere gelmegini soramak.
Altyny şu gün tamymyza çagyrjak, şonda sen hem gelgin! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Toplap, jemläp ýygnak, gurultaý, mejlis we ş. m. açmak.
Bir işi ýerine ýetirmek maksady bilen çagyryş etmek, bir işe ýüzlenmeklerini soramak.
Kemine öz halkyny şu hakyky dünýäniň eşretlerine çagyrýar. («Edebiýat»)