çagyl

Togalak ýa-da gyýçak-gyýçak ownuk daş bölekleri, daşjagazlar.

  • Güýçli şemal çagyl gatyşykly çäge tozanyny onuň üstüne sowurdy. (B. Pürliýew, Ikinji gün)

  • Şol gumuň arasyndaky çagyllar onuň sözüne ýalpyldap görünýärdi. (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem çagyl - çagly.