çagaryk ça‧ga‧ryk

Tüýnügiň içindäki atanaklaýyn goýulýan agaçlar.

  • Tüýnügiň çagarygyna seretdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Mazalyja öý eken weli, arman çagarygy gyşygrak ekeni. (Myraly)

  • Çagarygy gyşyk bolsa-da tüssesi göni çykýandyr. (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çagaryk - çagarygy.


Duş gelýän formalary
  • çagaryga
  • çagarygy
  • çagarygyna
  • çagarygyndan
  • çagarygyň