[ça:g]
Wagt, döwür.
Şatlykda şadyýan saýratdy kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Şol wagt gyşyň şatlama sowukly gününiň iňrik garalyp barýan çagydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Gyzyň gözden ýiten şol gözel bagy, joşgunly dem alýar ýylyň bu çagy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gowy, saz, kök.
Wagtymyz hoş, keýpimiz kök, çag biziň. Dostum, Ata siziň ýerde näler bar. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Onuň keýpi çag.