çabyt

Egne geýilýän ýa-da başa atylýan ýukajyk, aýal geýimi, don.

  • Aknabat eje çabydyny egnine atyp, dylym-dylym etdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ýüpek ýaglyk başyňda, sende görünmez çabyt. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çabyt - çabydy.