çabramak işlik

[ça:bramak]

  1. Lowurdap ýalynly ýanmak, ýalyn göterilmek.

    • Tamdyrlaryň agzyndan ýalynlar çabrap galýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ýalyn çabrap dumly-duşa uzalýar, goýy gara tüsseler burugsap, towlanyp asmana galýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Ýalyn degmek, ýalyn urup çala ýakmak.

    • Pitiden çykýan howur onuň eline çabrady. («Mydam taýýar» gazeti)

  3. Göçme manyda Ýangynly, örän täsirli çykmak, örän täsirli bolmak.

    • Keýmiriň soňky sözleri ýalyn kimin çabrap çykdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  4. Göçme manyda Gazaply bolmak, ýakymsyz bolmak.

    • Aýu, iller bu gelin däl-de, çabrap duran ýalyn eken. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)