Närazy bolup, öýke-kine edip, el-aýagyňy hereketlendirip, togalanyp ýatmak, el-aýagyňy kakyp ýatmak.
Tur, oglum, beýdip çabalanyp ýatma! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Dermanlyk diýip çabalanyp ýatanyňda-da onuň ýekeje igde mugt berjek gümany ýok. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Tutgaýlylyk ýa-da güýçli agyry duýmaklyk zerarly sandyrawukly urunmak, sandyrap ýatmak.
Öz diýeniňi etdirjek bolup çabalanmak.
Göçme manyda Haýýarlyk etmek, nadaraçylyk etmek.