çaşyrmak işlik

[ça:şyrmak]

  1. Çalam-çaş etmek, dyr-pytrak etmek, hersini bir ýere düşürmek, dargatmak, pytratmak.

    • Ganym leşgerini çaşyr her ýana. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  2. Özünden gidermek, özünden giderip ýykmak, beýhuş etmek.

    • Birinji ukol ony çaşyrdy.

  3. Aljyraňňy ýagdaýa salmak, aljyratmak.

    • Onuň gözi mugallyma düşende, ol özüni bütinleý çaşyrdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

çaňňalagyny çaşyrmak

seret çaňňalak

  • Obamyzyň çaňňalagyny çaşyryp, gumdan aşyrdymyka öýdýän. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)