çaýylmak işlik

[ça:ýylmak]

  1. Bir metalyň ýüzüne ikinji bir metalyň suwy, ergini ýaýylmak, çalynmak.

    • Köşgüň gyzyl çaýylan gapysy örän uly. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Gyzyl suwy kümüş gupbanyň ýüzüne çaýyldy.

  2. Peliň we ş. m. ýüzüne suw ýaýramak, ýazylmak.

  3. Bir endigan ýagty düşmek, ýagty ýaýramak.

    • Çar tarapdan ýüzüne güneş çaýylýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  4. Göçme manyda Bir alamat aralaşmak, görnüşi üýtgemek, ýaýramak, ýaýylmak.

    • Nursoltanyň şatlyk şöhlesi ýaýylan ýagty ýüzüne birdenkä gaýgy alamaty çaýyldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)