çaýmak işlik

[ça:ýmak]

Bir metalyň ýüzüne ikinji bir metalyň suwuny, erginini çalmak.

  • Ussa gülýakanyň ýüzüne gyzyl çaýyp oturan ekeni.

göze ýaş çaýmak

Göze ýaş inmek, aglamak.

  • Annajemal iki gözüni ogluna dikip, gözlerine ýaş çaýdy-da, baryp ýerinde oturdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)