çaýkanmak işlik

  1. Iki ýana yranyp, ýaýkyldap durmak, yraň atmak, yranmak.

    • Öý çaýkanýardy, uklar şatyrdaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Bahana aramak, yrsarap gozgalaň turuzmak, yrsaramak, uruşmak.

    • Dok çaýkanman, aç doýmaz. (nakyl)

  3. Göçme manyda Tolkun atmak, möwç almak.

    • Amyderýanyň mele suwy çaýkanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Mele suw çaýkanyp ýatyrdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

beýnisi çaýkanmak

seret beýni

  • Beýnisi çaýkanan han aýak üstünde durup bilmän sandyrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)