çaýkamak işlik

  1. Arassalyk üçin içine suw guýup ýuwmak.

    • Nahardan soň, agzyňy içilýän suw bilen çaýkamak gerek! (A. N. Kabanow, Adamyň Anatomiýasy we Fiziologiýasy)

    • Çägnegi çaýkap çaý demlemek.

  2. Iki ýana yralamak, iki ýana silkelemek, silterlemek.

    • Ýel garaja öýüň uklaryny şatyrdadyp, çaýkap başlapdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Gepleşik dili Suwa çyrpmak (ýuwlan geýim hakynda).

gan çaýkamak

seret gan

gününi çaýkamak

seret gün