çümmek işlik

  1. Dürtülip geçmek, sanjylmak, batmak.

    • Tä gulagyna çenli öl guma çümen pilini çekip aldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Olaryň sagdyn toýnaklary ürgün çägä çümýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Aýagyna tiken çümdi.

  2. Suwuň düýbüne, aşagyna gitmek, suwa batmak.

    • Suwa çümmek.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem çümmek - çümdüm, çümdüň, çümüpdir.

pikire çümmek

seret pikir

  • Annaguly elindäki kagyza seredip pikire çümdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)