çüýretmek çüý‧ret‧mek işlik

  1. Ograniki taýdan zaýalamak.

    • Köp suw tutup, gawuny çüýretdiler.

  2. Kesdirmek, zaýalamak (süýt hakynda).

    • Süýdi gyzgyn ýerde goýup çüýredipsiň.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çüýretmek - çüýredýär, çüýreder, çüýredipdir.

ömrüňi çüýretmek

seret ömür

  • Seniň üçin ömrümi çüýretdim.


Duş gelýän formalary
  • çüýreden
  • çüýreder
  • çüýrederin
  • çüýrederler
  • çüýredip
  • çüýredipsiň
  • çüýredäýýär
  • çüýredýär
  • çüýredýärler
  • çüýretdiler
  • çüýretjek
  • çüýretmek
  • çüýretmelidigi