çüý çüý

Bir ujy ýiti, ikinji ujy kelleliji bir zady kakyp berkitmek üçin taýýarlanýan sim bölegi.

  • Jübtegini pugta süpürişdirip, diwardaky çüýden asdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem çüý - çüýüm, çüýüň.

göze çüý kakylan ýaly bolmak

Göze uky gelmezlik, uklap bilmezlik.

  • Ýöne gözlerine edil çüý kakylan ýalydy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)


Duş gelýän formalary
  • çüýde
  • çüýden
  • çüýe
  • çüýi
  • çüýler
  • çüýlerde
  • çüýlerden
  • çüýleri
  • çüýlerine
  • çüýlerini
  • çüýleriniň
  • çüýleriň
  • çüýli
  • çüýün
  • çüýünden
  • çüýüniň
  • çüýüň