çöwjetmek işlik

Biriniň üstüne gygyrtmak, haýbatly dyzatmak, süründirmek.

  • Ogluňyza haý diýiň, ýöne üstümize çöwjedip goýaýypsyňyz!

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çöwjetmek - çöwjedýär, çöwjeder, çöwjedipdir.