çöwşi

Gara öýi ýel ýykmazlyk üçin üstaşyp atanaklaýyn geçirilip, ikiýan ýüzünde gazyga daňylýan ýüp.

  • Aýna gaýdyp gelende, howsala düşen Nurjahan öýüne çöwşi etmek bilen meşguldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýekelli ejesi öýlerine çöwşi etmäge ýetişmedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem çöwşi - çöwşüde, çöwşüler, çöwşüsi.