çöwürmek işlik

  1. Iç ýüzüni daşyna öwürmek.

    • Ol kostýumyny çykardy-da, çöwrüp eline aldy.

  2. Agzyny yzyna serpmek.

    • Galla gapgarylanda gabyň agzyny çöwürmek.

  3. Aşagyny ýokary öwürmek, agdarmak, düňdermek.

    • Al-asmanda aýylganç uwlaýan bomba, Wazlap inip gara ýeri çöwürdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Traktorlar ýeriň astyny üstüne çöwürýärdiler.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem çöwürmek - çöwrer, çöwrüpdir.

kelemäňi çöwürmek

Dini söz seret keleme2