çörek at

Undan hamyr ýugrulyp, tamdyrda bişirilen önüm, nan.

  • Meniň unum bugdaý uny, uly bişirdim çöregi! (Çary Aşyr, Poemalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çörek - çöregi.

çöregi bitin

Howpdan sag-aman galan, howpdan halas bolan.

  • Hernä çöregiň bitin eken! -- diýip gülümsiredi. («Tokmak» žurnaly)

  • Doýduk eje, çöregiň bitin ekeni! (B. Kerbabaýew, Japbaklar)

hamyrly çörek

Hamyrmaýa goşulyp aldyrylan, hamyrdan ýüzi dürtülip bişirilen çörek.

petir çörek

Aldyrylmadyk hamyrdan ýüzi dürtülip bişirilýän çörek.

  • Ýanym bilen bir petir çörek göteripdim.