çöp çöp at

  1. Otlaryň, agaçlaryň guran baldagy.

    • Ol eline çöp alyp, ýeri dyrmamaga oturdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Kişmiş iýseň, çöpi bar. (nakyl)

  2. Odun, ýangyç.

    • Biziň külbämizde tutaşdyrlyk hem gury çöp ýokdur. (Myraly)

  3. Göçme manyda Ot, ösümlik.

    • Ozal bu aňňatda ýekeje-de gögerip oturan çöp ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem çöp - çöpüm, çöpüň.

çöp döwlen ýaly bolmak

seret döwülmek

  • Sen ýöne Hümmet bilen arany çöp döwlen ýaly eden-ä bolma?! (A. Gowşudow, Eserler)

göze çöp atmak

seret göz

  • Ol eýýäm gözümize çöp atyp sypypdyr.

ýatan çöpi galdyrmazlyk

Iş etmezlik, zähmet çekmezlik, işlemezlik.

  • Öz öýünde ýatan çöpi galdyranok. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • çöpde
  • çöpden
  • çöpdügini
  • çöpdür
  • çöpe
  • çöpem
  • çöpi
  • çöpler
  • çöplerden
  • çöplerdir
  • çöplere
  • çöplerem
  • çöpleri
  • çöplerinden
  • çöplerini
  • çöpleriniň
  • çöpleriň
  • çöpleriňem
  • çöpli
  • çöplüdi
  • çöplüge
  • çöplüginde
  • çöplügiň
  • çöplük
  • çöplükde
  • çöplükdi
  • çöpmi
  • çöpsüz
  • çöpüm
  • çöpümde
  • çöpünde
  • çöpünden
  • çöpüne
  • çöpüni
  • çöpüniň
  • çöpüň