çöllük

Aňyrsy görünmeýän çöl meýdanlyk, giden giň meýdanlyk.

  • Garagum çöllügine tarap ugur alyp, basym gözden ýitdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  • Topragy zer, suwy şeker ilimiň, çöllügin gülletjek, beýik ylymyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çöllük - çöllügi.