Suw gitmek ýa-da yzgar çekmek we ş. m. zerarly aşak düşmek, oýulmak, peselmek (ýer hakynda).
On gat uly jaýyň aşagyndan otly geçende, neneň ol aşak çökäýmeýärkä?! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Dyzyň üstüne oturmak, aýaklaryny epip üstünde oturmak (düýe hakda).
Suwuň düýbüne gitmek, batmak.
Börekler gazanyň düýbüne çökdi. («Mydam taýýar» gazeti)
Göçme manyda Oturmak, ýerleşmek.
Aşyr Artygyň düşeginiň ýanynda çöküp, onuň elini gysymlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Çöken düýe ýer alar. (nakyl)
Göçme manyda Hor düşmek, arryk düşmek zerarly maýyp bolmak, maýrylmak.
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem çökmek - çökdüm, çökdüň, çöküpdir.
seret dyz
Emma aýyp görmän, çöküp dyzyna, Tagzym berýär başlygynyň öňünde. («Tokmak» žurnaly)