çäre at

  1. Bir zadyň ýa-da işiň üstün çykmagy, amala aşmagy üçin geçirilýän, görülýän alada, alaç, tär.

    • Mal köp, emma olary gyşlatmak üçin görülýän çäreleriň ugry ýok. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Görülýän, berilýän temmi.

    • Bu çäre oňa täsir edäýjek ýalydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

çäre görmek

  1. Degişli jezasyny, temmisini bermek.

    • Oňa çäre görmek gerek. («Mydam Taýýar» gazeti)

  2. Alajyny etmek, aladasyny etmek.