çäk at

  1. Geýimiň, köýnegiň eteginde ýa-da ýakasynda goýulýan dilik.

  2. Ýurtlar arasyndaky serhet, araçäk.

  3. Ýer bölünişiginde, paýlanyşygynda goýulýan serhet, bölünip alnan ýer.

    • Durmady ol köjekläp, oýlanyp, Belläp aldy öz çäginiň pellesin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Ejegül düýnki alyp bilmän giden çägini alyp, ýene bir çäge ýarpylap gaýtmakçydy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çäk - çägim, çägiň.