ätmek ät‧mek işlik

  1. Öňe aýak basmak, gitmek, ýöremek.

    • Olar haýallyk bilen agras ädip, süriniň yzyndan ugradylar. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

    • Dur aýagyňy ätme, goý, iýsin! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. seret ätlemek

    • Günden-güne güýçli bolup, ýeňiş bilen öňe ätdiň. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ätmek - ädýär, äder, ädipdir.


Duş gelýän formalary
  • ädeli
  • ädemok
  • äden
  • ädende
  • ädenden
  • ädendigi
  • ädendiklerini
  • ädenem
  • ädenini
  • ädensoň
  • äder
  • ädesi
  • ädip
  • ädipdir
  • ädipdirler
  • ädipsiň
  • ädiň
  • ädäýseň
  • ädýän
  • ädýändir
  • ädýänini
  • ädýänçä
  • ädýär
  • ädýärdi
  • ädýärdiler
  • ädýärdim
  • ädýärler
  • ätdi
  • ätdiler
  • ätdim
  • ätdim-de
  • ätdiň
  • ätjek
  • ätme
  • ätmedi
  • ätmedik
  • ätmediňiz
  • ätmegi
  • ätmegiň
  • ätmek
  • ätmekçi
  • ätmeli
  • ätmelidigini
  • ätmelidim
  • ätmesini
  • ätmez
  • ätmäge
  • ätmäge-de
  • ätmän
  • ätmändi
  • ätmänem
  • ätse
  • ätsek
  • ätsem