ätlemek işlik

  1. Bir zadyň üstünden ädip geçmek, ötmek.

    • Şolaryň üstünden ätlemelidi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Garly ussa howlyň derwezesinden içine ätlän badyna, jaýlaryň biriniň işigi giňden açyldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. seret ätmek1

    • Begenç Aýsoltana bakan nähili ädim ätlänini duýmady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Dogrusyny diýsem, ol ýigit towşan kowalajak ýaly örän eserdeň ätleýärdi. (N. Pomma, Egri Eýikmez)

    • Ol epeý-epeý ätläp, özi üçin taýýarlanan düşegiň üstüne geçip oturdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Göçme manyda Aýgytly-hereket etmek, öňe gitmek.

    • Öňe tarap ätleýäris. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)