ätişgir

Bir zady (közi, kömri) tutmak, gysmak, almak, gozgamak, ölçermek, döremek (ody) üçin ulanylýan haçjaly gural, mäşe.

  • Elli, şu ýerden göteril, ätişgir bilen agzyňy gan ýalan ganjyga döndermänkäm, şu taýdan garaňy saýla, hany, gal! -- diýdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Oglanjyklardan biri ätişgir bilen ojakdan köz aldy-da, eltip çiliminiň başynda goýdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)