ätiýaç at

[ätiýa:ç]

Habardarlyk, seresaplyk, ägälik, gorky.

  • Gylyç mergen ätiýaçdan ötri çykalganyň agzyna birnäçe ullakan daşlary togalap eltdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Emma Bibiniň göwni galaýmasyn diýen ätiýaç bilen sesini çykarmady. (G. Gurbansähedow, Ak altyn)

  • Ekabyr Gaýly ätiýaç üçin gapynyň deşiginden jyklap, garrynyň ýagdaýyny barlaýardy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ätiýaç - ätiýajy.

ätiýaç etmek

Gorkmak, çekinmek, üýşenmek.

  • Emma Aýna indi hiç bir zatdan ätiýaç etmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Kelekbaý hem olardan ätiýaç etdi. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)

  • Ondan adamlar ätiýaç ederdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ätiýajy elden bermezlik

Habardar bolmaklyk, üstüňi aldyrmazlyk, gapyl galmazlyk, seresaplyk bilen hereket etmeklik.

  • Kerwenbaşymyz hatarly ýoly sag-aman geçmek üçin ätiýajy elden bermän, seresaplylyk bilen ýol ýöreýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýlar)


Duş gelýän formalary
  • ätiýajy
  • ätiýajydyr
  • ätiýajyny
  • ätiýajynyň
  • ätiýajyň
  • ätiýaçda
  • ätiýaçdaky
  • ätiýaçdan
  • ätiýaçlar
  • ätiýaçlary
  • ätiýaçlaryny
  • ätiýaçlarynyň
  • ätiýaçlaryň
  • ätiýaçly
  • ätiýaçlydy
  • ätiýaçlyga
  • ätiýaçlygy
  • ätiýaçlygydyr
  • ätiýaçlygymyza
  • ätiýaçlygyna
  • ätiýaçlygyndan
  • ätiýaçlygyny
  • ätiýaçlygynyň
  • ätiýaçlygyň
  • ätiýaçlyk
  • ätiýaçlykda
  • ätiýaçlykdan
  • ätiýaçlykdyr
  • ätiýaçlylaryna
  • ätiýaçlylygam
  • ätiýaçlylygy
  • ätiýaçlylygyny
  • ätiýaçlylygynyň
  • ätiýaçlylyk
  • ätiýaçlynyň
  • ätiýaçsyz
  • ätiýaçsyzlyk