ät ät

ädi ýanmak

Ýaman aldanmak, lapykeç bolmak, agzy bişmek.

  • Emma öň ädi ýanan Nazarow onuň ýüzüne ýigrenç bilen garap jabjyndy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gyzynyň ilki haý-haýy, söýgüsi şowsuz geçeni üçin, oňa diňe bir Tyllagözeliň däl, Annataganyň hem ädi ýanandyr. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

ät bolmak, galmak

Tamakin bolup aldanmak, tamşanyp galmak, bir zada ymtylyp boş galmak.

  • Kelhan ät galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Çerkeziň gözüne bolmasa, olaryň üçüsiniň hem kepän dodaklary tamşanan ýaly, bir zatdan ät galan ýaly göründi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Bu sapar aldanyp, göýä galdy ät. (N. Pomma, Saýlanan eserler)