Halynyň gyrasyna sanjylyp çekdirilýän, ujy gaňyrçakly, bir tarapy burlan enjam.
Waheý, keýigim, dokmanyň änewüji gowşapdyr. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Ondan soň dartysyny aňryk itekläp, basyrygyny çykardy, änewüjini sazlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem änewüç - änewüji.