ämert ä‧mert

Çemesiz, tagaşyksyz, gödek, başarnyksyz, oňaýsyz, erbet, ýaramaz.

  • Emma Sähet öz dosty Aman poşçynyň ämert häsiýetlerine beletdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Hernä başymyzdan sowuldy, ämert göhert -- diýip, ol ýene söze başlady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Ämert hereket bilen talap etdi. (N. Pomma, Egri eýikmez)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ämert - ämerdi.