älemgoşar

Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi netijesinde asmanda emele gelýän duga görnüşindäki dürli reňkli zolak.

  • Aýna nähili gyzdy. Ol asmanyň älemgoşary, ýer ýüzüniň gülälegi meniň kitabymyň bezegidi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gündogarda dürli reňkde älemgoşar peýda boldy. (B. Kerbabaýew, Nebtidag)

  • Älemgoşar göründi.