Bütin jahan sistemasy, dünýä, jahan.
Türkmenlerde at-owazasy äleme ýaýran bir ýyndam at barmyş. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Onuň agramyny ölçemäge giň älemiň daglarynyň daşlary-da ýetmejek ýalydy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Älem ýüzi ýagtyldy. («Görogly» eposy)
Özüniň altyn şöhlesi bilen äleme gark edýän mähnet Günüň bu gün sudury-da mälim bolmaýardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Sary gawunlaryň beýhuş ediji kükeýän ysy bütin äleme doldurýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ýeriň ýüzi, ähli ýer.
Ýa seniň agzyňdan çykan sözi men göterip, äleme jar eder öýdýämiň? (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Dünýä inmek, eneden bolmak, dogulmak.
Gaýgylanmak, kynçylykly bir ýagdaýa düşmek, agyr halda bolmak, howsala düşmek, ýüregiň gysmak, sust bolmak.
Şol gürrüňleri eşidenden soň, onuň älemi daraldy.
Gaýgydan çykmak, agyr ýagdaýdan, aladadan dynmak, gaýgysyzlanmak, göwnüň açylmak, göwnüň giňelmek.
Gyzyň älemi giňän ýaly boldy. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)
Çitilip dokalýan zatlaryň haly gyrasyndaky nagyş; argaç geçirilip dokalýan zatlarda bolsa palas nagyşdan öňürti gelýän gyra ýer.
Älem nägyşyňa bir seret, ugursyz! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)