äl

Iş salşylanda ýüze çykýan garaşylmadyk bir zada, waka bir-hili geň galmaklyk bilen baha berlende belli bir pikir aýdylanda ulnylýan prepozitiw kömekçi.

  • Äl, sakgaldaş, sen-ä beýle däl ekeniň! (N. Pomma, Egri Eýikmez)

  • Äl, biz bir zat aýtjak, hökman tersine bolaýýarow! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Äl, gyzjagazyň diliniň duzlujadygyny! (G. Gurbansähedow, Ak Altyn)