Bir zady ýa-da birini özüň bilen alyp gitmek, özüň bilen alyp barmak, eltmek.
Çarwa Mergen bulary ýaýla äkitmäge boýun bolupdyr. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Ony her biri diýen ýaly ýekän-ýekän öýlerine çagyryp äkiderdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Ol yk tarapa bakyp duran ýerinden hemme kuwwatyny ýygnap, zarp bilen ätmekçi boldy weli, çäge goşantly ýel donuň we köýnegiň içine doldy-da, ony ýuwaşlyk bilen ýerden göterip äkitdi. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem äkitmek - äkidýär, äkider, äkidipdir.