äht

Şert söz, borç, kasam, söz bermeklik.

  • Dursun, äht hem ýadyma düşýär, wepa-da, emma sen meniň hatyma düşünmänsiň. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Ýok, ýok, wepalydyr Ogulnabadym, Ähtin bozup, ýere salmaz meň adym. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Düýnki eden ähtimizde duraly, Hany «Pobedany» bize süreli. (Nury Annagylyç, Goşgular)

  • Eden ähtin bozdy hilegär tilki. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Eden ähtiň berk ýadyňa sal-da, dost. Çalt öňe git, nesihatym al-da dost. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)