Belli ähmiýete eýe bolan, ähmiýeti bar bolan, möhüm, wajyp, gerekli, manyly.
Olar Aşgabatdan gelen bolsalar, ähmiýetli gürrüňleri bardyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Meniň saňa örän ähmiýetli bir ýumşum bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Adamynyň beýnisinde iň ähmiýetli zatlardan biri huş bar. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Eziz biraz böwrüni diňirgäp, ähmiýetli ardynandan soň sözüni dowam etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)