Heň, labyz.
Perde kakylmansoň islendik heňde, Ol söze başlady şeýle äheňde. (A. Kekilow, Söýgi)
Sazlaşma, garmoniýa.
Hemme zat ebedi hem bozulmaz äheň bilen onuň kalbyna ornaýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Gepleýiş ottenogy, ton, intonasiýa.
Gaýly göwünlik beriji äheňde oglanlara ýüzlendi. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Bu öňki äheň däldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ejesi gyzynyň äheňini halamady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Eden tamasy bitmedik äheňde aýtdy. (N. Jumaýew, Syrly gala)