ägirt

Örän, has, gaty, äpet; örän uly, has uly, gaty uly, örän köp.

  • Ine, ullakan oýuň içinde ägirt uly süri ýatyr. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)

  • Ägirt ädim bilen ýygyrýar ýoly, Göýä jana gelip, ýer süýşýän, ýer süýşýän ýaly. (A. Kekilow, Iki Kerwen)

  • Giň asman ägirt saýawan ýaly gerlip durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Goşdaky iki sany ägirt körpeç bolup, soňabaka çagalar guzulary öz çadyrlaryna daşap başladylar. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)

  • Bularyň şeýle ägirt işden baş çykarýan tejribeli başlaryna berekella! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Aýal-erkek, oglan-gyz işleýärler garyşyp, Ýurda ägirt nep berýär bular her gün ýaryşyp. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ägirt - ägirdi.